Sudanda magdan käniniň çökmegi netijesinde 38 adam ýogaldy
Foja sebitinde adaty guýy usuly bilen altyn çykarylýan Umm Drisai magdan käni çökdi
1754020
Sudan döwletiniň Günbatar Kurdufan welaýatynda altyn gazylyp alynýan magdan käniniň çökmegi netijesinde ilkinji kesgitlemelere görä 38 adam ýogaldy.
Ýurdyň Milli metbugatynda berilen habarlara görä, welaýatyň demirgazygyndaky Foja sebitinde adaty guýy usuly bilen altyn çykarylýan Umm Drisai magdan käni çökdi.
Çöken magdan käninden ýogalan 31 adamyň jesedi çykaryldy, 1 adam ýaraly ýagdaý halas boldy, 8 adam bolsa entegem magdan käniniň aşagyndadygy habar berildi.
Degişli Habarlar
Hindistanda Myhmanhanada Bolan Ýangynda 6 Adam Ýogaldy
Ýangynda 6 adamyň ýogalandygy, 20 adamyň halas edilendigi bellenildi.
Eýranda Guralan Hüjümde 2 Adam Öldürildi
Terror guramasyna degişli ulag, ýaragly uçarmansyz howa ulagy tarapyndan nyşana alyndy.