Filippinlerde Rai taýfuny sebäpli ýogalan adamlaryň sany artdy

Filippinleriň orta we günorta-gündogar sebitlerine ýaramaz täsir ýetiren Rai taýfuny sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 208 adama ýetendigi habar berildi

1749778
Filippinlerde Rai taýfuny sebäpli ýogalan adamlaryň sany artdy

Britaniýanyň BBC ýaýlym organynyň berýän habaryna görä, tizligi sagatda 195 kilometre ýeten taýfun, ýurdyň ençeme ýerinde elektrik toklaryň kesilmegine sebäp boldy. 

Filippinleriň orta we günorta-gündogar sebitlerinde täsirli bolan taýfun sebäpli emele gelen sil apatlarynda we ýer süýşgünlerinde aglabasy ýurdyň Jebu we Bohol sebitlerinde bolmak bilen jemi 208 adam ýogaldy. 

Dereksiz ýiten 52 adamyň gözleg işleri dowam edýär, azyndan 239 adamyň ýaralanandygy beýan edildi. 

Beýleki tarapdan ýer süýşgünleriň we sil apatlarynyň dowam etmegi sebäpli ýogalan adamlaryň sanynyň artmagyna alada bildirilýär. 

Tebigy apatyň 780 müň adama täsir ýetrendigi we 300 obanyň ýaşaýjylarynyň howpsuz ýerlere göçürilendigi aýan edildi. 

Filippinleriň goşuny gözleg we halas ediş işlerine kömek bermek maksady bilen sebite gönükdirilendigi habar berildi. 

Sebitde gözegçilik işlerini geçiren ýurdyň Döwlet baştutany Rodrogi Duterte, 40 million dollarlyk kömegiň beriljekdigini mälim etdi. 

Beýleki tarapdan Hytaýyň Gonkong ýörite administratiw dolandyryş sebitinde Ýuwaş okeanynda Filippinler döwletine ýaramaz täsir ýetiren Raý taýfuny sebäpli duýduryş berildi. 



Degişli Habarlar