Abu-Dabiniň Mirasdar Şazadasy Prezident Erdogana minnetdarlyk bildirdi

Abu-Dabiniň Mirasdar Şazadasy Şeýh Muhammed bin Zaýed Al Nahaýan, düýn Ankara şäherine guran saparyndan soň Prezident Rejep Taýýip Erdogana minnetdarlyk bildirip telegramma ugratdy

1738411
Abu-Dabiniň Mirasdar Şazadasy Prezident Erdogana minnetdarlyk bildirdi

Mähirli garşylama we myhmansöýerlikleri üçin Prezident Erdogana sag bolsun aýdan Abu-Dabiniň Mirasdar Şazadasy Şeýh Muhammed bin Zaýed Al Nahaýan, saparyň iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklara, umumy bähbitlere hyzmat etjek, iki dostlykly halkyň bähbidine boljak we olaryň gam-gussasyny aýyrjak ýagdaýda güýçlendirmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçiligiň bolandygyny habar berdi. 

Abu-Dabiniň Mirasdar Şazadasy Şeýh Muhammed bin Zaýed Al Nahaýan, Erdogana berk-jan saglyk we bagtyýarlyk, türk halkyna bolsa howpsuzlyk, durnuklylyk we abadançylyk arzuw edýändigini beýan etdi. 

Beýleki tarapdan BAE-niň WAM habarlar agentligi, Abu-Dabiniň Mirasdar Şazadasy Şeýh Muhammed bin Zaýed Al Nahaýanyň Türkiýä guran sapary barada beýanat berdi. 

Habara laýyklykda paýtagt Ankara şäherinde Prezident Erdogan bilen duşuşyk geçiren Bin Zaýed: "Ykdysady gatnaşyklarymyzy güýçlendirmek üçin netijeli gepleşikler geçirdik" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar