Serbiýada raketa fabriginde partlama boldy

Serbiýanyň paýtagty Belgrad şäherinde raketa we ok-däri öndürýän fabrikde bolan partlamada 2 adam ýogaldy

1737862
Serbiýada raketa fabriginde partlama boldy

Fabrikde yzly-yzyna ençeme partlama boldy, partlama sebäpli emele gelen tüsse şäheri gaplap aldy. Wakanyň bolan ýerine köp sanda polisiýa işgäri we ýangyn söndüriji gönükdirildi. 

Fabrigiň 2 işgäriniň ýogalan partlmada şeýle hem 16 adam ýaralandy. Partlamanyň näme sebäpli bolandygy barada bolsa entek beýanat berilmedi. 

Başdan geçirilip bilinjek başga partlama ähtimallygy sebäpli fabrikanyň töwereginde giň gerimli howpsuzlyk çäreleri görüldi. 

Fabrikda ýerleşýän 260 ind metr ululygyndaky harby ammarda, düzüminde 30 kg partlaýjy bolan jemi 500 raketanyň bardygy habar berildi. 



Degişli Habarlar