Eýran Bilen Azerbaýjanyň Arasyndaky Gatnaşyklarda Täze Döwür Başlady

Azerbaýjanyň Wise-premýeri Şahin Mustafaýew Eýranda saparda boldy

1737091
Eýran Bilen Azerbaýjanyň Arasyndaky Gatnaşyklarda Täze Döwür Başlady

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Said Hatibzade, Azerbaýjanyň Wise-premýeri Şahin Mustafaýewiň ýurduna guran saparyny özara gatnaşyklarda täze döwrüň başlangyjy hökmünde häsiýetlendirdi.

Hatibzade, Tähranda Daşary işler ministrliginde beren beýannamasynda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda durup geçdi.

Azerbaýjanyň Wise-premýeri Şahin Mustafaýewiň ozal ylalaşyk gazanylan taslamalaryň durmuşa geçirilmegi maksady bilen Tährana sapar gurandygyny ýatladan Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Said Hatibzade, “Eýran bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklarda täze döwür başlady. Mustafaýewiň sapary hem täze döwrüň başlangyjy hökmünde guraldy. Geljekde ýokary derejeli saparlar guralar” diýdi.



Degişli Habarlar