Owganystan ABŞ-dan Bank Hasaplaryny Erkine Goýbermegini Isledi

Owganystanda Talibanyň wagtlaýyn hökümetinin Daşary işler ministriniň wekili Emirhan Mottaki, ABŞ-na uly göç boýunça duýduryş berdi.

1735187
Owganystan ABŞ-dan Bank Hasaplaryny Erkine Goýbermegini Isledi

Mottaki ABŞ-nyň Kongressine ýazan açyk hatynda Owganystana degişli bank hasaplarynyň ABŞ tarapyndan doňdurylmagynyň haýsydyr bir meseläni çözmejekdigini beýan etdi.

ABŞ-nyň kabul eden kararynyň Doha ylalaşygyna bap gelmeýändigini beýan eden Mottaki, Owganystanyň halkynyň ýurtda uzak ýyllar dowam eden söweşden soň asudalyga ýetendigini, emma indi halkyň esasy aladasynyň “ABŞ-nyň hökümetiniň bank hasaplaryna goýan sanksiýasyndan” ybaratdygyny nygtady.

Mottaki ABŞ-nyň Owganystanyň hasaplaryny erkine goýbermegini isleýändiklerini, eger şeýle bolman halatynda owgan halkynyň we hökümetiniň agyr ýagdaýa düşjekdigini beýan etdi.

Owganystandaky agyr şertler dowam eden halatynda sebitde we dünýäde uly göç edişlige sebäp boljakdygyny beýan eden Mottaki, onuň dünýä üçin gumanitar we ykdysady çökgünlige sebäp boljakdygyna ünsleri çekdi.

Mottaki hatynda; “Owganystanyň bank hasaplaryna sanksiýa goýulmagy we ykdysady çäklendirmeleriň goýulmagy saglygy goraýyş bilim we beýleki döwlet hyzmatlaryna ýaramaz täsir ýetirýär. ol hem owgan halkyna zyýan berýär” diýdi.

Owganystandaky gumanitar we ykdysady çökgünligiň çözülmegi üçin ABŞ-ny jogapkärçilikli çemeşmäge çagyran Mottaki, Amerikanyň hökümetinden Owganystanyň bank hasaplarynyň erkine goýberilmegini we çäklendirmeleriň aýrylmagyny isledi.

 



Degişli Habarlar