Baýden Sizinpin Bilen Netijeli Duşuşyk Geçirendigini Beýan Etdi

Duşuşygyň 3,5 sagat dowam edendigi habar berildi

1734970
Baýden Sizinpin Bilen Netijeli Duşuşyk Geçirendigini Beýan Etdi

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Hytaýyň döwlet Başlygy Si Sizinpin bilen geçiren onlaný duşuşygynyň “iňňän netijeli” geçendigini we ABŞ-nyň Taýwanyň garaşsyzlygy boýunça anyk pozisiýa beýan edendigini aýtdy.

ABŞ-nyň Prezidenti Baýden hytaýly kärdeşi Sizinpin bilen 15-nji noýabr güni agşam geçiren 3,5 sagatlyk duşuşygy hakynda beýanat berip; “İňňän netijeli duşuşyk geçirdik, ýakyndan gyzyklanmagy talap edýän köp ugur bar. Ençeme ugurlarda işlemek üçin 4 topar döretdik. Geljek iki hepdäniň dowamynda bu mesele boýunça has giňişleýin maglumat bererin” diýdi.

Baýden Taýwan meselesi hakynda bolsa; “Taýwan kanununy goldaýandygymyzy aç-açan beýan etdik. Taýwan garaşsyz ýurt we öz kararlaryny özi kabul eder” diýdi.



Degişli Habarlar