Baýden, Belarus-Polşa Serhedindäki Immigrant Krizisine Alada Bildirýär
Baýden, Belarus-Polşa serhedinde başdan geçirilýän wakalar hakyndaky soraglara jogap berdi.
ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Belarus-Polşa serhedinde başdan geçirilýän immigrant krizisine uly alada bildirýändigini aýtdy.
Ak Tamda metbugata beýannama beren Baýden, Belarus-Polşa serhedinde başdan geçirilýän wakalar hakyndaky soraglara jogap berdi.
Wakalara uly alada bildirýändiklerini nygtan Baýden, “Wakalara alada bildirýändigimizi Russiýa we Belarusa mälim etdik”diýdi.
Belarus-Polşa serhedindäki immigrantlar sowuk howa şertleri we iýmit ýetmezligi sebäpli agyr günleri başdan geçirýär.
Serhetde soňky 2 aýda agyr şertler sebäpli 10 adamyň ýogalandygy habar berildi.
Degişli Habarlar
Hindistanda Myhmanhanada Bolan Ýangynda 6 Adam Ýogaldy
Ýangynda 6 adamyň ýogalandygy, 20 adamyň halas edilendigi bellenildi.
Eýranda Guralan Hüjümde 2 Adam Öldürildi
Terror guramasyna degişli ulag, ýaragly uçarmansyz howa ulagy tarapyndan nyşana alyndy.