Angela Merkel Hoşlaşyk Sapary Bilen Ysraýyla Bardy

Merkel saparynyň çäginde Ysraýylyň Premýer-ministri Gersog, Premýer ministri Bennett we Daşary işler ministri Lapid bilen duşuşar.

1717368
Angela Merkel Hoşlaşyk Sapary Bilen Ysraýyla Bardy

Iş möhledi gutarýan Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel hoşlaşyk saparynyň çäginde Ysraýyla bardy.

Merkel, Tel Awiw şäheriniň golaýyndaky Ben Gurion howa menzilinde Ysraýylyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary tarapyndan garşylandy.

Germaniýanyň Federal Kansleri Merkel saparynyň çäginde Ysraýylyň Premýer-ministri Gersog, Premýer ministri Bennett we Daşary işler ministri Lapid bilen duşuşar.

Ysraýylyň Ministrler kabinetiniň agzalary bilen hem duşuşjak Merkel, Premýer-ministr Bennett tarapyndan hormatyna beriljek agşam naharyna gatnaşar.

Ysraýylyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Merkeliň saparynyň çäginde Ysraýylyň ozalky Premýer-ministri we Netanýahu bilen hem duşuşjakdygyny ýazdy.



Degişli Habarlar