Owganystanda metjitde bombaly hüjüm guraldy

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan ýok

1716894
Owganystanda metjitde bombaly hüjüm guraldy

Owganystanyň Kunduz welaýatynyň Saýed Abad sebitinde Şaýylara degişli metjitde guralan bombaly hüjümde ýogalan we ýaralanan adamlaryň bardygy mälim edildi. 

Talibanyň Metbugat geňeşçisi Zabihullah Müjahid, hüjümiň juma namazy okalýan wagty guralandygyny habar berdi. 

Hüjümde ýogalan we ýaralanan adamlaryň bardygyny aýdan Müjahid, Talibanyň harby güýçleriniň sebite barandygyny we hüjüm bilen baglanşykly derňew işiniň başladylandygyny beýan etdi. 

Ýerli resmilere görä hüjümde azyndan 5 adam ýogaldy, 20-den gowrak adam bolsa ýaralandy. 

Şaýatlar bolsa kamikaze hüjümiň guralandygyny aýan etdiler. 

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan ýok. 

Owganystanda geçmişde Şaýylara garşy guralan hüjümleriň ählisini terror guramasy DAIŞ öz üstüne alypdy. 


Etiketkalar: #metjit , #Owganystan , #Taliban

Degişli Habarlar