Owganystanyň paýtagty Kabulda bombaly hüjüm guraldy

Talibanyň metbugat geňeşçisi Zabihullah Müjahid waka bilen bagly beýanat berdi

1714069
Owganystanyň paýtagty Kabulda bombaly hüjüm guraldy

Owganystanyň paýtagty Kabul şäherindäki Eidgah metjidiniň girelgesinde guralan bombaly hüjümde ýogalanlaryň sany 5 adama ýetdi. 

Talibanyň metbugat geňeşçisi we Talibanyň hökümetiniň Medeniýet ministriniň orunbasarynyň wekili Zabihullah Müjahid, Kabul şäheriniň Çemen Huzuri etrapçasyndaky Eidgah metjidiniň girelgesinde bombaly hüjümmiň guralandygyny habar berdi.

Talibanyň wagtlaýyn hökümediniň Içeri işler ministrliginiň metbugat sekretary Saeed Hosti, hüjümde ýogalanlaryň sanynyň 5 adama ýetendigini mälim etdi.

Şaýatlar bolsa ýogalanlaryň sanynyň 8 adamdygyny, ýaralanlaryň sanynyň bolsa 20 adamdygyny beýan etdiler.


Etiketkalar: #Taliban , #metjit , #Kabul , #Owganystan

Degişli Habarlar