Demirgazyk Makedoniýada Koronawirus Kesellileriniň Bejergi Alýan Hassahanasy Ýandy

“Ýangynda 10 adamyň ýogalandygy anyklandy. Emma ýogalanlaryň sany artyp biler”

1705102
Demirgazyk Makedoniýada Koronawirus Kesellileriniň Bejergi Alýan Hassahanasy Ýandy

Demirgazyk Makedoniýanyň demirgazyk günbatarynda ýerleşýän Kalkandelen şäherinde koronawirus kesellileriniň bejergi alýan hassahanasynda bolan ýangynda ilkinji kesgitlemelere görä 10 adam ýogaldy.

Demirgazyk Makedoniýanyň Saglygy goraýyş ministrligi, Kalkandelen şäherinde düýn gije başlan ýangynda birnäçe adamyň ýogalandygyny habar berdi.

Saglygy goraýyş ministrliginiň beýannamasynda “Ýangynda 10 adamyň ýogalandygy anyklandy. Emma ýogalanlaryň sany artyp biler” diýildi.

Beýannamada ýangynyň gözegçilik astyna alynandygy we ýaralananlaryň paýtagt Skopýadaky hassahanalarda bejergi astyna alynandygy ýatladyldy.

Demirgazyk Makedoniýanyň Premýer ministri Zoran Zaew, sosial mediadan beren habarnamasynda “Ýangyna partlama sebäp boldy. Ýangyn söndürildi, emma birnaçe adam ýogaldy. Ýangynda ýogalanlara uly gynanç bildirýärin, ýaralananlara şypa dileýärin” diýdi.



Degişli Habarlar