Talibandan Gaçan Esgerler Täjigistana Bardy

Owganystanda Talibandan gaçan 143 owgan esgeri 3 uçar we 2 dik uçar bilen Täjigistana bardy

1692017
Talibandan Gaçan Esgerler Täjigistana Bardy

Täjik dilinde ýaýlym berýäň “Ozodi” radiosy, 2 sanysy zenan 143 owgan esgerini alyp baran uçaryn we 2 dik uçaryň düýn gije Täjigistanyň Owganystan serhedindäki Bohtar howa menziline gonandygyny habar berdi.

Täjigistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar we jemgyýetçilik goranyş boýunça döwlet komiteti owgan esgerlerinin wagtlaýynça Bohtar şäherinde ýerleşýän uniwersitetiniň umumy ýaşaýyş jaýyna ýerleşdirilendigini, täjik tarapynyň owgan esgerlerinin başga ýere ýerleşdirilmegi hakynda maslahat geçirýändigi habar berdi.

Habarda owgan esgerleriniň ýanyndaky 56 ýaragy täjik resmilerine tabşyrandyklary mälim edilýär.



Degişli Habarlar