Gaitide bolan ýer titremesinde ýogalan adamlaryň sany artmaga dowam edýär

Gitiniň suw giňişliginde bolan 7,2 bal ululygyndaky ýer titremede ýogalanlaryň sany 724 adama ýetdi

1691600
Gaitide bolan ýer titremesinde ýogalan adamlaryň sany artmaga dowam edýär

ABŞ-nyň Geologiýa ylmy-derňew merkezi ýer titremäniň güýç merkeziniň Sen-Žan-dýu-Sýud diýilýän ýeriň 12 km demirgazyk-gündogarydygyny habar berdi. 

ABŞ-nyň Geologiýa ylmy-derňew merkezi ýeriň 10 km aşagynda emele gelen ýer titremeden soň köp sanda kiçiräk ýer yranmalaryň bolandygyny mälim etdi. 

Gaitiniň Raýat goranyş agentligi, ýer titremede ýogalanlaryň sanynyň 724 adama ýetendigini aýan etdi. 

Resmiler, gözleg we halas ediş işlerinde harabalyklaryň aşagyndan häzirki wagta çenli ýüzlerçe adamyň çykarylandygyny, dereksiz ýiten adamlaryň sanynyň bolsa dolulygyna entek anyklanmandygyny beýan etdiler. 

Gaiti tebigy heläkçilikden soň halkara derejede ýardam berilmek barada çagyryş berdi. 


Etiketkalar: #Gaiti , #ýer titreme

Degişli Habarlar