Eýranda Koronawirusa Ýolukýanlaryň Sany Artýar

Eýranda iýun aýynyň başynda azalan koronawirus kesellileriniň sany sanjymlamanyň depgininiň gowşamagy sebäpli garaşylmadyk derejede artdy.

1685553
Eýranda Koronawirusa Ýolukýanlaryň Sany Artýar

Sanjymlama tapgyryna 9-njy fewralda başlan Eýranda Sinopharm, Sputnik V we AstraZeneca bilen birlikde 14-nji iýunda adatdan daşary ýagdaýlarda ulanylmagyna rugsat berilmeginden soň 25-nji iýundan bäri COVİRAN Bereket sanjymlaryndan peýdalanylýar.

83 million ilatynyň 13,5 millionuna sanjym eden Eýranda iýul aýyndan bäri koronawirusyň 5-nji tokuny dowam edýär we hassalyga ýolukýanlaryň sany rekord derejede artyp, günde 100-e barabar bolan adam pidalarynyň sany 400-den geçdi.

Hökümet wirusyň artmagy sebäpli Gurban baýramyndan soň 6 gün dynç alyş yglan etdi we sanjymlaýyş işleriniň depginini güýçlendirdi.

Ýurtda 7-nji iýuna çenli 100 adam düşen bir günlük adam pidasy 4-nji awgustda 411 adama ýetdi. 4907 adama çenli azalan günlük wirusa ýolukýanlaryň sany bosla düýn 39,019 adama barabar boldy.



Degişli Habarlar