ÝB Sanjymlamada Maksada Ýetilendigini Habar Berdi

Sanjymlamada iň yzda barýan ýurt Bolgariýa

1680882
ÝB Sanjymlamada Maksada Ýetilendigini Habar Berdi

ÝB-de iýul aýynda kämillik ýaşyna ýeten ilatyň 70 göteriminiň azyndan bir doza sanjym edilmegi boýunça goýulan maksada ýetilendigi habar berildi.

ÝB Komissiýasynyň Başlygy Ursula won der Leýen beren beýannamasynda 18 ýaşyndan ýokardaky ilatyň 57 göteriminiň iki doza sanjym etdirilendigi aýtdy.

Sanjymlamanyň dowam etdirilmelidigini nygtan Leýen; “Delta wariýanty iňňän howply. Şol sebäpli öz saglyklaryny we başgalaryny goramak üçin mümkinçiligi bolanlaryň ählisimni sanjymlanmaga çagyrýaryn. ÝB ýeterlik mukdarda sanjym bermäge dowam eder” diýdi.

Ýewropanyň Keselleriň öňüni alyş we gözegçilik merkeziniň soňky görkezijilerine görä sanjymlama mukdary ýokary bolan Maltada kämillik ýaşyna ýetenlerin 84 göterimi azyndan bir doza sanjym etdiren bolsa, Bolgariýada şol mukdar 18,5 göterime deň.

Maltadan soň 83,7 göterim bilen Daniýa, 83,5 göterim bilen Gollandiýa, 82,7 göterim bilen Belgiýa we 78,9 göterim bilen Finlandiýa durýar.



Degişli Habarlar