Tunisde Hukugyň Rüstemligine Sarpa Goýulmaly

Fransiýa, Tunisde başdan geçirilýän wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýar

1680750
Tunisde Hukugyň Rüstemligine Sarpa Goýulmaly

Fransiýa, Tunisde başdan geçirilýän wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny mälim etdi.

Fransiýanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, Fransiýanyň Tunisiň Prezidenti Kaýs Saidiň ýekşenbe güni kabul eden kararlaryndan soň başdan geçirilýän wakalar bilen ýakyndan gyzyklanylýandygy bellenildi.

Beýannamada “Fransiýa, Tunisde başdan geçirilýän syýasy wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýar. Hukugyň rüstemligine sarpa goýulmagyna, saglygy goraýyş we ykdysadyýet ýaly ugurlarda başdan geçirilýän kynçylyklaryň gysga wagtda çözülmegine uly ähmiýet berýär” diýildi.

Beýannamada, Fransiýanyň, ýurduň syýasy güýçleriniň aşa güýç ulanmakdan gaça durmagy we demokratik gymmatlyklaryň goralyp saklanmagy üçin çagyryş berýändigi nygtaldy.


Etiketkalar: #gyzyklanmak , #Tunis , #Fransiýa

Degişli Habarlar