Belgiýada sil apaty başdan geçirilýär

Belgiýanyň gündogarynda 10 gün ozal başdan geçirilen sil apatlarynda 37 adam ýogalypdy, onlarça öý ýumrulypdy, köp sanda bina ulanyp bolmajak ýagdaýa gelipdi

1679677
Belgiýada sil apaty başdan geçirilýär
belcika sel1.jpg
belcika sel.jpg

Belgiýada 10 gün ozal başdan geçirilen sil apatyndan soň, ýurdyň günorta-gündogaryndaky Namur we Dinant ýaly şäherler ýene-de bir gezek sil apatynyň täsiri astynda galdy. 

Namur şäherinde ençeme öýüň 1-nji gatlaryny we ýerzemnilerini suw basdy. 

Sosial mediada paýlaşylan käbir wideo ýazgylarynda Dinant şäherinde käbir ulaglaryň siliň suwunyň täsiri astynda süýrenip barýandygyny görüp bolýar. 

Sil apaty sebäpli sebitde käbir ýollaryň ýapylandygy, direg diwarynyň ýumrulmagy sebäpli köp sanda öýüň boşadylandygy mälim edildi. 

Siliň nähili derejede zyýana sebäp bolandygy we tebigy apat sebäpli adam pidalarynyň çekilip-çekilmändigi barada entek anyk maglumat berilmedi. 

Belgiýanyň gündogarynda 10 gün ozal başdan geçirilen sil apatlarynda 37 adam ýogalypdy, onlarça öý ýumrulypdy, köp sanda bina ulanyp bolmajak ýagdaýa gelipdi. 


Etiketkalar: #sil apaty , #Belgiýa

Degişli Habarlar