ÝAHK Fransiýany 8-nji Gezek Günäli Tapdy

Şol sebäpli Fransiýanyň degişli kanuny özgertmeleri kabul etmegi islenýär

1679370
ÝAHK Fransiýany 8-nji Gezek Günäli Tapdy

Ýewropanyň Adam hukuklary kazyýeti Fransiýany maşgalalary çagalary bilen bilen bilelikde gözegçilik merkezinde saklandygy üçin 8-nji gezek günäli diýip tapdy.

ÝAHK-niň çap eden kararynda 2018-nji ýylyň noýabrynda Loir-et Çer welaýatynyň häkimliginin İtaliýa deport ediljek asly malili M.D bilen gyzy A.D-ni gözegçilik merkezine ornaşdyrandygy, enäni we bäbegi şol ýerde çagalar üçin amatly bolmadyk agyr şertlerde 11 gün saklandygy beýan edilýär.

Kararda enäniň we gyzynyň Fransiýa garşy gozgan kazyýet işinde Ýewropanyň Adam Hukuklary Konwensiýasynyň “gödek we kemsidiji çemeleşmeleri” gadagan edýän 3-nji maddasyna esaslanyp, Fransiýanyň jezalandyrylandygy nygtalýar.

Fransiýanyň şol etmiş sebäpli 2012-nji ýyldan bäri 8-nji gezek jezalandyrylandygyna üns çekilýän beýannamada, ýurdun çagalaryň gözegçilik merkezlerinde gulply gapylaryň aňyrsynda saklanmagyny gadagan edýän kanuny özgertmäni kabul etmelidigi nygtalýar.



Degişli Habarlar