Hytaý ABŞ-nyň Sanksiýasyna Gaýtawul Görkezdi

Hytaý ABŞ-nyň Gonkong sebäpli sanksiýalryna garşy 7 Amerikan raýatlaryna we guramasyna sanksiýa goýmak hakynda karar kabul etdi.

1679492
Hytaý ABŞ-nyň Sanksiýasyna Gaýtawul Görkezdi

Hytaýy Gonkongda basyş syýasatyny alyp barmakda günäkärleýän resmi Waşington geçen hepde 7 hyýaýly resmini gara sanawa goşupdy.

Resmi Pekin bolsa gaýtawul hökmünde 7 Amerikan raýatyna we guramasyna sanksiýa goýmak hakynda karar kabul etdi. Şeýlelikde iýun aýynda kabul edilen daşarky sanksiýalara garşy göreş kanuny ilkinji gezek ulanyldy.

Sanksiýa sanawynda ABŞ-nyň ozalky Söwda ministri Wilbur Ross hem bar.

Kararyň ABŞ-nyn döwlet Ministriniň orunbasary Wendi Şermanyň Hytaýa saparynyň öň ýanynda kabul edilmegi ünsleri çekýär.



Degişli Habarlar