Putin Bilen Rahmon Owganystan Hakynda Pikir Alyşdy

Wladimir Putin bile Emomali Rahmon telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

1678960
Putin Bilen Rahmon Owganystan Hakynda Pikir Alyşdy

Kremlden berlen beýannama görä, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Iki lider telefon söhbetdeşliginde Owganystanda başdan geçirilýän soňky wakalar we güýz aýlarynda Duşanbede geçiriljek Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň maslahaty we Kollektiw howpsyzlyk şertnamasy guramasynyň howpsyzlyk geňeşiniň maslahaty üçin görülýän taýarlyklar hakynda pikir alyşdy.

Putin bilen Rahmon 5-nji iýulda geçiren telefon sçhbetdeşliginde hem Talibanyň Täjigistan serhedinde guraýan hüjümleri hakynda pikir alyşypdy we rus lideri bu meselede Täjigistana goldaw bermäge taýardygyny nygtapdy.

Beýleki tarapdan Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Andreý Rudenko, Owganystan serhedinde gözegçilik merkeziniň gurulmagy üçin Täjigistana kömek bermegi göz öňünde tutýan şertnamanyň taýarlanýandygyny mälim edipdi.



Degişli Habarlar