Hytaý BSGG-nyň Maksatnamasynynyň Dowam Etmegini İslemeýär

Hytaý BSGG-nyň Koronawirusyň gelip çykyşyny öwrenmek boýunça maksatnamanyň täze tapgyryny tassyklamady.

1678965
Hytaý BSGG-nyň Maksatnamasynynyň Dowam Etmegini İslemeýär

Hytaýyň saglygy goraýyş awtoritarlary Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň taze görnüş koronawşrus pandemiýasyna sebäp bolan wirusyň gelip çykyşyny öwrenmek boýunça maksatnamanyň täze tapgyrynyň başlamagyna rugsat bermedi.

BBJ-niň türkçe bölüminiň habar bermegine görä BSGG-nyň resmileri Kowid-19-yň ilkinji gezek ýüze çykan ýerindäki laboratoriýalaryň arhiwini derňemegi talap edýär.

Hytaýyň Saglygy goraýyş ministriniň orunbasary Szen Isin onuň “ylma garşy ulumsylygy aňladýandygyny” beýan etdi.

BSGG-nyň bilermenleri ozalky barlaglarynda koronawirusyň Hytaýyň laboratoriýalaryndan ýaýrandygy hakyndaky teoriýanyň iň güýçsiz ähtimallykdygyny nygtapdy.

Alymlar ýylyň başynda wirusyň 2019-njy ýylyň dekabr aýynda ilkinji gezek anyklanan ýeri bolan Uhan şäherine sapar gurapdy.



Degişli Habarlar