Liwanda dizel ýangyç ýetmezçiligi başdan geçirilýär

Liwanda ätiýaçlaryň gutarmagyndan soň dizel ýangyç paýlanmagynyň bes ediljekdigi habar berildi

1678630
Liwanda dizel ýangyç ýetmezçiligi başdan geçirilýär

Liwanyň Energetika ministrligine degişli Nebit baş müdürligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, Gurban baýramy mynasybetli Tripolidäki we Zahranidäki nebit desgalarynyň ýerli bazary dizel ýangyjy bilen üpjün edýändigi mälim edildi. 

Beýanatda ýangyç bilen üpjün edilýän pudaklaryň arasynda çörekhanalaryň, hassahanalaryň, howa menzililleri bilen birlikde ähli döwlet edaralarynyň, suw we syýahatçylyk edaralarynyň bardygy aýan edildi. 

Tripoli we Zahrani desgalaryndan paýlanýan ýangyç mukdarynyň takmynan 14 million litrdigi bellenen beýanatda, goşmaça import üçin täze kreditleriň açylmazlygy sebäpli ätiýaçlaryň uly böleginiň sarp edilendigi habar berildi. 

Howpsuzlyk güýçleriniň strategik ätiýaçlary goramagynyň gerekdigi bellenen beýanatda, gyssagly we adatdan daşary ýagdaýlardan daşary ähli ýangyjyň goralyp, dizel ýangyjynyň paýlanmagynyň togtadylmalydygy beýan edildi. 


Etiketkalar: #ätiýaç , #ýangyç , #dizel , #Liwan

Degişli Habarlar