Gazada partlama boldy

Gazanyň Ez-Zawiýe bazaryndaky öýleriň birinde bolan partlamada ilkinji kesgitlemelere görä 1 adam ýogaldy, 10 adam ýaralandy

1678764
Gazada partlama boldy

Palestinanyň Gazadaky Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, Zawiýe bazarynyň içinde ýerleşýän we birnäçe gatdan ybarat bolan öýleriň birinde partlama bolandygy habar berildi. 

Partlamanyň netijesinde ýogalan 1 adam bilen ýaralanan 10 adamyň hassahana alynyp gidilendigi, wakanyň bolan ýerinde maddy zyýanyň çekilendigi mälim edildi. 

Raýat goranyş toparlary partlamadan soň ýüze çykan ýangyny gözegçilik astyna aldy, partlamanyň näme sebäpli bolandygy derňelýär. 


Etiketkalar: #partlama , #Gaza

Degişli Habarlar