Pakistanda ýer titreme boldy

Pakistanyň Penjap welaýatynyň Rajanpur şäheriniň golaýynda 5,2 bal ululygynda ýer titreme boldy

1678181
Pakistanda ýer titreme boldy

Milli seýsmiki gözegçilik merkezi güýç merkezi Rajanpur şäheriniň 37 km demirgazyk-gündogary bolan ýer titremäniň ýeriň 39 km aşagynda emele gelendigini habar berdi. 

Ýerli metbugatda berilen habarlarda, 5,2 bal ululygyndaky ýer titremäniň Dera Gazi Han, Dajal we Zahir Pir diýilen ýerlerde hem duýulandygy mälim edildi. 

Ýer titremede adam pidalarynyň bolup-bolmandygy barada häzirki wagta çenli maglumat berilmedi. 


Etiketkalar: #ýer titremesi , #Pakistan

Degişli Habarlar