Idlibde guralan hüjümde alty adam ýogaldy

Hüjümiň guralan ýerinde raýat goranyş toparlaryň gözleg we halas ediş işleri dowam edýär

1676899
Idlibde guralan hüjümde alty adam ýogaldy

Siriýada Başar Asada tabynlykdaky güýçleriň we onuň tarapdarlarynyň Idlib dartgynlygy azaltmak zolagy boýunça ozal gazanylan ylalaşygyň düzgünini bozup asuda halkyň ýaşaýan ýerine guran hüjümlerinde 3-si zenan, 2-si çaga azyndan jemi 6 adam ýogaldy. 

Idlibiň günorta-gündogaryndaky Maarratünnuman etrabyndaky Hamidiýýe bazasynda ýerleşýän Başar Asada tabynlykdaky güýçleriň we Eýran tarapyndan goldanýan daşary ýurtly terrorçy toparlaryň Idlib welaýatynyň Ihsim obasyna gury ýerden hüjüm guradylar. 

Raýat goranyş toparyndan alynan maglumata görä, hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 3-si zenan, 2-si çaga azyndan jemi 6 adam ýogaldy, köp sanda adam ýaralandy. 

Hüjümiň guralan ýerinde raýat goranyş toparlaryň gözleg we halas ediş işleri dowam edýär, ýogalanlaryň sanynyň artmagyna alada bildirilýär. 



Degişli Habarlar