Afrikada 450 Müň Doza Sanjym Hatardan Çykaryldy
Afrika ýurtlaryna häzire çenli 70 million doza sanjym berildi we 50 million dozadan gowrak sanjym edildi.
Bütündünýä saglygy goraýyş guramasynyň Afrikadan jogapkär ýolbaşçysy Dr. Riçard Mihigo, hepdelik metbugat ýygnagynda, materikde ýerleşýän 9 ýurtda sanjymlaryň möhlediniň gutarýandygy sebäpli koronawirusa garşy öndürlen ýüz müňlerçe doza sanjymyň hatardan çykarlandygyny aýtdy.
Jemi 450 müň doza sanjymyň hatardan çykarlandygyny aýdan Mihigo, sanjymlaryň göz öňünde tutulan möhletde gowşurylmandygy sebäpli möhlediniň gutarýandygy üçin ulanylyp bilinmändigini belledi.
Sanjymlary hatardan çykaran ýurtlaryň hatarynda Mawritaniýa, Liberiýa, Gambiýa, Günorta Sudan, Siýerra Leone, Malawi, Gwineýa we Kongo Demokratik Respublikasy ýer alýar.
Afrika ýurtlaryna häzire çenli 70 million doza sanjym berildi we 50 million dozadan gowrak sanjym edildi.
Degişli Habarlar
Hindistanda Myhmanhanada Bolan Ýangynda 6 Adam Ýogaldy
Ýangynda 6 adamyň ýogalandygy, 20 adamyň halas edilendigi bellenildi.
Eýranda Guralan Hüjümde 2 Adam Öldürildi
Terror guramasyna degişli ulag, ýaragly uçarmansyz howa ulagy tarapyndan nyşana alyndy.