Ruhani Baýdene ýadro ylalaşygynyň durmuşa geçirilmegi barada çagyryş berdi

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdene ýadro ylalaşygynyň iň gysga wagtda durmuşa geçirilmegi barada çagyryş berdi

1667509
Ruhani Baýdene ýadro ylalaşygynyň durmuşa geçirilmegi barada çagyryş berdi

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani, paýtagt Tähran şäherinde geçirilen Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň ýadro ylalaşygy we ABŞ-nyň pozisiýasy bilen bagly beýanat berdi. 

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdene ýadro ylalaşygynyň iň gysga wagtda durmuşa geçirilmegi barada çagyryş beren Hasan Ruhani: "Baýden ýadro ylalaşygynyň durmuşa geçirilmegi babatynda iň kiçijek hem ahmallyk etse öz halkynyň beren sesine hyýanat etdigi bolar. Sebäbi olar şoňa esaslanyp ses berdi we ol hem sanksiýalary aýyrmak we ýalňyş işleri düzeltmek üçin geldi. Soň bolsa ençeme gezek ýadro ylalaşygyny kabul edýändigini we oňa gaýdyp gelmek isleýändigini aýtdy" diýip habar berdi. 

Hasan Ruhani, ýadro ylalaşygynyň janlandyrylmagy üçin hem ABŞ hem-de Eýran tarapyndan gerek bolan ädimleriň mundan beýläk wagt sarp etmeden edilmelidigini habar berdi. 

Ýadro ýarag we köpçülikleýin ýok ediş ýaraglaryna eýe bolmak islemeýändiklerini aýdan Ruhani, onuň bilen bagly öňe sürmeleriň esassyzdygyny aýan etdi. 



Degişli Habarlar