Owgan Liderler AK Tamda

ABŞ Owganystana diplomatiýa taýdan goldaw bermäge dowam eder

1665143
Owgan Liderler AK Tamda

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Owganystanyň Prezidenti Eşref Gani we Ýokary Milli ylalaşyk geňeşiniň başlygy Abdullah Abdullah bilen Ak Tamda bolan duşuşygynda, ABŞ-nyň Owganystana goldaw bermäge dowam etjekdigini nygtady.

ABŞ-nyň Owganystandaky esgerlerini dolulygyna yzyna çekmäge taýarlanýan günlerinde Prezident Jo Baýden, Gani we Abdullah bilen Ak Tamda Owganystanyň geljegi meselesini ara alyp maslahatlaşdy.

Prezident Baýden, ABŞ-nyň Owganystana diplomatiýa taýdan goldaw bermäge dowam etjekdigini ýatlatdy.

Owganystanda koronawirusa ýoluganlaryň sanynyň artýandygyna üns çekilen beýannamada, ABŞ-nyň Owganystana 3 million doza Johnson and Johnson sanjymyny berjekdigi nygtaldy.

ABŞ-nyň epidemiýa garşy göreş üçin Owganystana goşmaça kömek berjekdigine üns çekilen beýannamada, 266 million dollarlyk ynsanperwer kömeginiň gysga wagtda Owganystana beriljekdigi bellenildi.



Degişli Habarlar