Owganystanyň Kandagar welaýatynda bombaly hüjüm guraldy

Owganystanyň günortasyndaky Kandagar welaýatynda guralan bombaly hüjümde asuda ilatdan 5 adam ýogaldy

1663395
Owganystanyň Kandagar welaýatynda bombaly hüjüm guraldy

Kandagaryň Içeri işler edarasynyň metbugat geňeşçisi Jemal Nasyr Barikzeý, Kandagar welaýatynyň Meýwend etrabynyň Gej Kariz diýilen ýerinde ýoluň gyrasyna ýerleşdirilen bombanyň, asuda ilaty daşaýan ulagyň şol ýerden geçýän mahaly partladylandygyny mälim etdi.  

Barikzeý, bombaly hüjümde asuda ilatdan 5 adamyň ýogalandygyny, 18 adamyň bolsa ýaralanndygyny habar berdi.

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan tarap ýok. 



Degişli Habarlar