Russiýada Koronawirus Pandemiýasy Agyr

Russiýanyň Prezidentiniň Diwanynyň Metbugat sekretary Dmitriý Peskow ýurt boýunça koronawirus pandemiýasynyň şertleriniň “erbetdigini” beýan etdi.

1662224
Russiýada Koronawirus Pandemiýasy Agyr

Peskow paýtagt Moskwada ýurtdaky pandemiýa şertleri hakynda beýannama berdi.

Russiýada pandemiýanyň agyrlaşandygyny beýan eden Peskow: “Russiýadaky pandemiýanyň şertleri erbet. Kowid-19-a garşy sanjymlanma we gaýtadan sanjymlanma tapgyry gutulgysyz” diýdi.

Peskow, Prezident Wladimir Putine ýurtdaky pandemiýa şertleri hakynda yzgiderli häsýetde habarnama berilýändigini aýtdy.

Russiýanyň Saglygy goraýyş ministri Mihail Muraşko bolsa ýurduň 65 etrabynda Kowid-19-a ýolukýanlaryň sanynyň artýandygyny beýan etdi.

Ministr: “Ilaty gür bolan uly şaherlerde ýokary howpsuzlyk çäreleri görülmeli” diýdi.



Degişli Habarlar