Eýranda Prezident saýlawyna gatnaşyk örän pes boldy

Eýranyň paýtagty Tähran şäherinde 18-nji iýunda anna güni geçirilen Prezident saýlawyna bolan gatnaşyk 26 göterim derejesinde boldy

1661561
Eýranda Prezident saýlawyna gatnaşyk örän pes boldy

Eýranly zähmetkeşler habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, Tähranyň Saýlaw geňeşiniň başlygy Şükrullah Hasan Beýgi, Perzident saýlawyna gatnaşan saýlawçylaryň görkezijileri barada maglumat berdi. 

Hasan Beýgi: "Tähran welaýatynda, ses bermek hukugyna eýe bolan 9 million 815 müň 77 adamyň 3 million 346 müň 580-si ses berdi. Şol görkezijilere görä Tähran welaýatynda saýlawa bolan gatnaşyk 36,38 göterim, Tähran şäherinde bolsa gatnaşyk 26 göterim boldy" diýip habar berdi. 

Eýranda 18-nji iýunda geçirilen Prezident saýlawynda sesleriň 62 göterimini alan Ibrahim Reisi ýurdyň 8-nji prezidenti boldy. 

Takmynan 83 million ilatly ýurtda ses bermek hukugyna eýe bolan 59 million 310 müň 307 saýlawçynyň 28 million 933 müň 4-i ses berdi we saýlawalara bolan gatnaşyk ýurt derejesinde 48,8 göterim hökmünde aýan edildi. 

Saýlawalara bolan gatnaşyk 2017-nji ýylda Hasan Ruhaniniň üstünlik gazanan we 73 göterim hökmünde beýan edilen Prezident saýlawyna görä takmynan 24 göterim peseldi we 1979-njy ýylda bolan ynkylapdan bäri iň pes gatnaşykly Prezident saýlawy hökmünde beýan edildi. 



Degişli Habarlar