"Erdogan Bilen Oňyn we Netijeli Duşuşyk Geçirdik”

Jo Baýden, Prezident Erdogan bilen geçiren duşuşygy hakynda “Oňyn we netijeli duşuşyk geçirdik” diýdi

1658108
"Erdogan Bilen Oňyn we Netijeli Duşuşyk Geçirdik”

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Prezident R. T. Erdogan bilen geçiren duşuşygy hakynda “Oňyn we netijeli duşuşyk geçirdik” diýdi.

Prezident Erdogan, NATO-nyň liderler maslahatynyň çäginde Belgiýanyň paýtagty Brýusselde ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen duşuşdy.

Baýden maslahatdan soň beren beýannamasynda, Erdogan bilen bolan duşuşygy hakynda durup geçdi.

Baýden “Oňyn we netijeli duşuşyk geçirdik” diýdi.

Erdogan bilen birnäçe mesele hakynda pikir alyşandyklaryny nygtan Baýden “ Toparlarymyz gepleşik geçirmäge dowam eder. Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň hakyky manyda ösjekdigine ynanýaryn” diýdi.



Degişli Habarlar