Lawrow Daglyk Garabagyň Hukuk Derejesi Hakynda Beýannama Berdi

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Halkara Primakow forumynda çykyş etdi

1654816
Lawrow Daglyk Garabagyň Hukuk Derejesi Hakynda Beýannama Berdi

Lawrow Daglyk Garabagyň hukuk derejesinin ÝHHG-nyň Minsk toparynyň egindeş başlyklarynyň ýany bilen Türkiýäniň, Belarusyň, Germaniýanyň, İtaliýanyň, Portugaliýanyň, Gollandiýanyň, Şwesiýanyň, Finlandiýanyň we meseläniň taraplary bolup durýan Azerbaýjan bilen Ermenistanyň gatnaşmagynda çözüljekdigini beýan etdi.

Daglyk Garabagyň hukuk derejesi bilen bagly meseläniň heniz çözülmändigine ünsi çeken Lawrow: “Ol, ÝHHG-nyň Minsk toparynyň egindeş ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda çözüler. Egindeş ýolbaşçylar bu tapgyrda hukuk derejesi meselesini güntertbine getirmeli däl, ynamy güýçlendiriji çäreler, gumanitar meseleleriň çözülmegi, ermeniler bilen azerbaýjanlylaryň bilelikde ýaşamagy, ykdysady taýdan durnukly ýaşamaklary üpjün edilmeli. Birnäçe ýyl soň huukuk derejesi bilen bagly meseleler has ýeňillik bilen çözüler” diýdi.

Türk-Rus Ylalaşyga gözegçilik merkezinin Daglyk Garabagdaky işlerini dowam etdirýändigine ünsi çeken Lawrow, onuň netijeli we durnuklylygy üpjün ediji faktor bolup durýandygyny nygtady.



Degişli Habarlar