Owganystanda iki etrap Talibanyň gözegçiligi astyna geçdi

Owganystanyň Gor we Uruzgan welaýatlarynda iki etrap Talibanly başbozarlaryň gözegçiligi astyna geçdi

1653221
Owganystanda iki etrap Talibanyň gözegçiligi astyna geçdi

Gor welaýatynyň gubernatory Abdul Zahir Faizzade Talibanly başbozarlaryň Gor welaýatynyň Şahrek etrabyna hüjüm gurandygyny habar berdi. 

Hüjümiň netijesinde howpsuzlyk güýçleriniň etrabyň merkezinden çekilendigini aýdan Faizzade, şeýlelik bilen etrabyň merkeziniň Talibanyň gözegçiligi astyna geçendigini aýan etdi. 

Faizzade, etrabyň yzyna alynmagy üçin operasiýa taýarlyklarynyň başladylandygyny mälim etdi. 

Beýleki tarapdan bolsa Uruzgan welaýatynyň gubernatorlygynyň metbugat sekretary Ömer Şirzad Talibanly başbozarlaryň Uruzgan welaýatynyň Gizab etrabyna hüjüm guramagy netijesinde etrabyň merkeziniň gözegçiliginiň Talibanyň eline geçendigini mälim etdi. 

Şirzad, Talibanly başbozarlaryň düýn agşam bolsa Uruzgan welaýatynyň Çure etrabyna guran hüjüminiň bolsa yza serpikdirilendigini beýan etdi. 

Taliban tarapyndan berilen beýanatda bolsa Gizab etrabyna garşy guralan hüjümde 65 howpsuzlyk gullukçysynyň özlerine boýun bolandygy öňe sürüldi. 


Etiketkalar: #etrap , #Taliban , #Owganystan

Degişli Habarlar