Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maslahatynda ysraýyla reaksiýa bildirildi

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Ýusuf bin Ahmed al-Useýmin, maslahatyň ahyrynda beýanat berdi

1640263
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maslahatynda ysraýyla reaksiýa bildirildi

Türkiýäniň başlangyjy esasynda agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri derejesinde geçirilen "Açyk ýagdaýdaky Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ýerine ýetirijiler komitediniň nobatdan daşary maslahaty" sanly ulgam arkaly amala aşyryldy. 

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Ýusuf bin Ahmed al-Useýmin, maslahatyň ahyrynda beýanat berdi. 

Halkara jemgyýete ahlak, wyždan we hukuk taýdan jogapkärçiligini ýerine ýetirmek barada çagyryş beren Useýmin: "Ysraýyl Palestinanyň halkyna, mukaddesliklerine, emläklerine we halkara hukuk tarapyndan ykrar edilen hukuklaryna garşy hüjümlerini we ulgamlaýyn häsýetdäki düzgün bozmalaryny bes etmelidir" diýip belledi. 

Useýmin: "Hüjümler bilen birlikde palestinalylaryň emläklerini ellerinden almak, topraklaryň eýelerine öz ýerlerinden ýüz öwürmäge çagyrmak kanuny hukuklaryň inkäridir we bu edilýänler parahatçylyk etabyna goşandy ýokdyr. Gaýtsam tersine, adalatly, giňişleýin we hemişelik bir çözgüde ýetmek baradaky tagallalara päsgel berýär" diýip nygtady. 

Maslahata gatnaşan Iordaniýanyň Daşary işler ministri Eýmen as-Safedi, Ysraýylyň basyp alyşlyk astyndaky Gündogar Iýerusalimiň Şeýh Jerrah etrapçasyndaky ýaşaýjylaryny öz öýlerinden göçmäge mejbur etmeginiň, halkara jemgyýetiň işlemegine päsgel berýän harby jenaýatdygyny beýan etdi. 

Pakistanyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureýşi hem beren beýanatynda, halkara jemgyýete Ysraýylyň goragsyz palestinalylara garşy zulumuny bes etdirmek üçin gyssagly ýagdaýda işe girişmek barada çagyryş berdi. 

Maslahatda eden çykyşynda, Ysraýylyň basyp alyşlyk astyndaky Gazanyň ýaşaýjylaryna garşy jenaýat edýändigini we aşa güýç ulanýandygyny aýdan Palestinanyň Daşary işler ministri Riýad al-Maliki: "Gaza garşy guralmaga dowam edilýän wagşyçylykly hüjümler, 10 müňden gowrak palestinaly raýatyň öz ýerlerinden göçmegine we sebitiň her ýerinde ýüzlerçe öýüň ýumrulmagyna sebäp boldy" diýip belledi. 



Degişli Habarlar