Hamas Tel-Awiwe 130 sany raketa atdy

Ysraýylyň polisiýa gullugy Gazadan atylan raketalar sebäpli 2 ysraýllynyň ýogalandygyny, 7 adamyň bolsa ýaralanandygyny mälim etdi

1638129
Hamas Tel-Awiwe 130 sany raketa atdy

Hamas hereketi Ysraýylyň goşunynyň Gaza howa hüjümini gurap, içinde asuda ilat ýaşaýan binany nyşana almagyndan soň Tel-Awiw şäherine 130 raketa atandygyny habar berdi. 

Ysraýylyň polisiýa gullugy Gazadan atylan raketalar sebäpli 2 ysraýllynyň ýogalandygyny, 7 adamyň bolsa ýaralanandygyny mälim etdi. 

Hamasyň harby şahasy Izeddin al-Kassam toparynyň metbugat sekretary Abu Ubeýde Telegram programmasyndan beren beýanatynda, Ysraýylyň Gazadaky asuda halkyň ýaşaýan ýerlerini nyşana alan halatynda, Tel-Awiwe Aşkelondan has köp raketa bilen hüjümiň guraljakdygyny beýan etdi. 


Etiketkalar: #Hamas , #raketa , #hüjüm , #Gaza , #Ysraýyl

Degişli Habarlar