Russiýada Ýeňiş baýramy bellenilip geçildi

Russiýada SSSR-yň II Jahan urşunda Nasist Germaniýany ýeňmeginiň 76-njy ýyly dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi

1636966
Russiýada Ýeňiş baýramy bellenilip geçildi

Ýurdyň paýtagty Moskwa şäherindäki taryhy Gyzyl meýdançada 9-njy maý Ýeňiş baýramynyň çäginde harby ýöriş geçirildi. 

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen birlikde Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň, Russiýanyň Premýer rministri Mihail Mişustiniň we Ministrler kabinetiniň agzalarynyň we söweş weteranlarynyň gatnaşan dabaranyň çäginde 12 müňden gowrak esgeriň gatnaşmagynda harby ýöriş geçirildi. 

Putin harby ýörişiň başlan mahaly eden çykyşynda, taryhdan dersleriň we netijeleriň çykarylmalydygyny belläp: "Gynansagam beýlekilerden üstündikleri baradaky bolgusyz teoriýalary kabul edýän nasistleriň ideologiýasynyň aglabasy ýaňadandan ulanylmaga başlandy. Şu gün ellerinde ýüz müňlerçe adamyň gany bolan haýynlary we günälileri dogry görkezmek üçin taryhy ýaňadandan ýazmak bilen bagly synanyşyklary, ýok edilmedik jezalandyryjylary we eýerijileriň badygyny görýäris. Halkymyz munyň nämä sebäp bolýandygyny örän gowy bilýär" diýip beýan etdi. 

Wladimir Putin, Russiýanyň dowamly häsýetde halkara hukugy we milli bähbitlerini goramaga dowam etjekdigini, halkynyň howpsuzlygyny üpjün etjekdigini habar berdi. 

Ondan soň Putin we Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Näbelli esger ýadygärligine gül desselerini goýdylar we hormatly dymyşlyk etdiler. 

Her ýylyň 9-njy maýynda II Jahan urşy ýyllaryna gatnaşanlaryň we ýogalanlaryň ýagty ýadygärligine bagyşlanyp geçirilýän "Baky Polk" ýörişi bolsa şu ýyl geçen ýyl bolşy ýaly koronawirus epidmeiýasyna garşy görülen çäreleriň çäginde onlaýn görnüşde geçirildi, köçelerde ýöriş geçirilmedi. 

9-njy maý Ýeňiş baýramy ýurdyň beýleki şäherlerinde hem raýatlaryň gatnaşmagynda harby ýöriş bilen geçirildi. 



Degişli Habarlar