Tel-Abýatda bombaly hüjüm guraldy

Siriýanyň demirgazygyndaky Tel-Abýad etrabynda guralan bombaly hüjümde asuda ilatdan 4 adam ýaralandy

1632587
Tel-Abýatda bombaly hüjüm guraldy

Tel-Abýadyň günorta-gündogarynda ýerleşýän Suluk etrapçasynyň merkezinde, motosikle ýerleşdirilen bomba partladyldy. 

Terrorçylykly hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä asuda ilatdan 4 adam ýaralandy. 

Wakanyň bolan ýerinde derňew geçiren ýerli howpsuzlyk güýçleri, hüjümiň ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK tarapyndan guralan bolup biljekdigini bellediler. 

Siriýanyň demirgazygyndaky Tel-Abýad etraby we etraba degişli bolan Suluk etrapçasy 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy bilen terrordan saplanypdy. 

Terror guramasy ÝPG/PKK basyp alyşlygyny dowam etdirýän Aýn Isa we Tel Temyr sebitlerinden ýygy-ýygydan Tel-Abýad etrabyny nyşana alyp, terrorçylykly hüjümler guraýar.

 



Degişli Habarlar