Hytaý Eýrana 1 million doza sanjym ugratdy

Eýranyň Hytaýdan alan 1 million doza koronawirus sanjymy ýurda getirildi

1632524
Hytaý Eýrana 1 million doza sanjym ugratdy

Eýranyň döwlet telewideniýe kanalynda berilen habara görä, Eýranyň Hytaýyň Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň üsti bilen alan we häzirki wagta çenli iň uly tapgyr bolan 1 million Kowid-19 sanjymy paýtagt Tährana bardy. 

Mundan soňky sanjymlaryň hem ýurda getirilmegi üçin Daşary işler ministrliginiň we Merkezi bankynyň edýän tagallalarynyň dowam edýändigi mälim edildi.


Etiketkalar: #sanjym , #Hytaý , #koronawirus , #Eýran

Degişli Habarlar