Guterriş Kipr Meselesi Boýunça Gepleşikleriň Başlamandygyny Aýtdy

BMG-niň baş Sekretary Antoniu Guterriş Kipr meselesiniň çözülmegi üçin resmi gepleşikleriň başlamagy boýunça ýeterlik şertleriň bolmandygyny aýtdy.

1630725
Guterriş Kipr Meselesi Boýunça Gepleşikleriň Başlamandygyny Aýtdy

BMG-niň başlangyjy boýunça Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde kiprli taraplaryň we hemaýatkär ýurtlar Türkiýäniň, Gresiýanyň hem-de Britaniýanyň gatnaşmagynda 5+1 formatyndaky resmi däl Kipr temaly maslahatyň soňky bölümi geçirildi.

BMG-niň baş Sekretary Guterriş maslahatyndan soň; “Kipr meselesinin çözülmegi üçin resmi gepleşikleriň başlamagy boýunça ýeterlik ylalaşyk gazanylmady” diýdi.

Guterriş Kipr meselesinde dialogy dowam etdirmek we oňyn netijeler almak üçin ellerinden geleni etmek boýunça ygrarlydyklaryny beýan etdi.

Ženewada 5+1 formatyndaky resmi däl Kipr temaly maslahat 27-nji aprelde başlapdy.



Degişli Habarlar