ABŞ-nyň Owganystandaky mejbur bolmadyk missiýasy ýurtdan çykar

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy, barha artýan howplary sebäp görkezip, Owganystandaky mejbur bolmadyk diplomatik işgärleriň ýurdy terk etmeklerini isledi

1629639
ABŞ-nyň Owganystandaky mejbur bolmadyk missiýasy ýurtdan çykar

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, hem koronawirus epidemiýasy hem-de howpsuzlyk sebäpli, ABŞ-nyň raýatlarynyň Owganystana syýahat etmezlikleri barada çagyryş berildi. 

Ýurtdan çykmak isleýän amerikalylaryň bolsa iň gysga wagtda Owganystany terk etmekleri barada maslahat berilen beýanatda, ýurtda artýan hüjümlere we şol hüjümlerde Owganystanyň ýaragly güýçleri bilen birlikde amerikan güýçleriniň hem nyşana alynýandygy bellenip, terrorizm, adam zamun almak we ýaragly çaknyşyk ýaly howplara ünsler çekildi.

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, ýurtda sany 2500 töweregi bolan amerikan esgerleriniň 1-nji maýdan başlap 11-nji sentýabra çenli dolulygyna çekiljekdigini habar beripdi. 



Degişli Habarlar