Ermenistanyň Premýer ministri wezipesinden çekildi

Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýan, ýurtda geçiriljek möhletinden irki saýlawdan ozal wezipesinden çekilendigini habar berdi

1627959
Ermenistanyň Premýer ministri wezipesinden çekildi

Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýan, Facebook hasabyndan beren beýanatynda: "Prezident we ýurtdaky syýasy güýçler bilen gazanylan ylalaşyga laýyklykda, 20-nji iýunda möhletinden irki parlament saýlawlaryň geçirilmegi üçin şu gün Premýer ministr wezipämden çekilýärin" diýip belledi. 

Nikol Paşinýan Premýer ministr wezipesini wagtlaýyn häsýetde dowam etdirjekdigini mälim etdi. 

Nikol Paşinýan möhletinden irki saýlawlara häzirki "Meniň" alýansymyň düzüminde bolan "Raýat ylalaşygy" atly partiýanyň Premýer ministri wezipesine dalaşgär hökmünde gatnaşjakdygyny aýan etdi. 

Ermenistanda Daglyk Garabag söweşinde Azerbaýjandan ýeňileninden soň syýasy dartgynlyk azalmandy we 20-nji iýunda möhletinden irki saýlawlaryň geçirilmegi barada karara gelinipdi. 

Nikol Paşinýan ozal beren beýanatynda: "Aprel aýynda wezipämden çekilerin. Emma bu hökümetiň başyndan gitmek üçin dälde, möhletinden irki saýlawlaryň geçirilmegi üçin ederin" diýip belläpdi. 



Degişli Habarlar