Prezident Erdogan Klimat Sammitine Gatnaşar

Prezident R. T. Erdogan, onlaýn görnüşde geçiriljek Klimat sammitine gatnaşar

1626023
Prezident Erdogan Klimat Sammitine Gatnaşar

Klimat sammiti, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň 26-njy martda 40 ýurduň liderine we ÝB-niň ýolbaşçylaryna ugradan çakylygyna laýyklykda ABŞ-nyň ýolbaşçylygyna şu gün geçirler.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyndan berlen beýannamada, Klimat sammitinde geljek 10 ýylyň dowamynda uglerod zyňylymynyň azaldylmagyna, howanyň çalyşmagyna garşy alynyp barylýan işleriň esasanda iş üpjünçiligi arkaly ykdysady bähbitlerine, gaýtadan işleýiş tehnologialaryna we global howa çalşygy üçin işleýän döwlede degişli taraplaryň tanyşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet beriljekdigi nygtalýar.

 Beýannamada: “Sammitiň esasy maksady güýçli ykdysadyýetleri, esasanda dünýädäki uglerod zyňylymynyň 80 göterimini edýän we içerki girdejiniň 80 göterimine eýe bolan Güýçli ykdysadyýetleriň Klimat we energetika forumynyň agzalaryny, ýyllyk global ýylylygy 1,5 gradusa çenli azaltma maksadyna ýetmek üçin höweslendirmekden ybarat” diýilýär.

Sammite Prezident Erdoganyň ýany bilen Hytaýyň döwlet Başlygy Si Szinpin, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin we katolik dünýäsiniň ruhany lideri Papa Frankis bilen birlikde 40 ýurduň lideri gatnaşar.

Prezident Erdogan, ABŞ-nyň Prezidenti Baýden we orunbasary Kamala Harris tarapyndan açyljak sammitiň birinji bölüminde çykyş eder.



Degişli Habarlar