Owganystan Konferensiýasy Yza Süýşürildi

Stambulda 24-nji aprelde başlamagyna garaşylýan Owganystan konferensiýasy yza süýşürildi

1625221
Owganystan Konferensiýasy Yza Süýşürildi

 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Stambulda 24-nji aprelde başlamagyna garaşylýan Owganystan konferensiýasynyň yza süýşürlendigini aýtdy.

Hususy telewideniýe kanalynda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda çykyş eden Çawuşogly, ABŞ-nyň Owganystandan çekilmek baradaky kararyndan soň, Stambulda geçiriljek Owganystan konferensiýasy üçin gyssanylmaly däldigini nygtap “Wekilçilikli toparlaryň taýarlanmagy üçin yza süýşürmek has amatly bolar. Katar, ABŞ we BMG bilen mesäni ara alyp maslahatlaşdyk we konferensiýanyň Oraza baýramyndan soň 15-nji maýda geçirilmegi barada karar kabul etdik” diýdi.

Çawuşogly, Prezident R. T. Erdogan tarapyndan açyljak konferensiýasy 21 ýurduň, 3 halkara guramanyň we Owganystandaky iki tarapyň gatnaşjakdygyny ýatlatdy.



Degişli Habarlar