Eýranyň Prezidenti Serbiýanyň Daşary işler ministrini kabul etdi

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani, ABŞ-nyň sanksiýalaryny aýyrmagy bilen Eýranyň dünýä bilen ykdysady hyzmatdaşlygynda täze bir gurşawyň emele geljekdigini habar berdi

1623508
Eýranyň Prezidenti Serbiýanyň Daşary işler ministrini kabul etdi

Eýranyň Prezidentligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanata görä, Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani, Serbiýanyň Daşary işler ministri Nikola Selakowiçi kabul eden mahaly, ABŞ-nyň sanksiýalary bilen bagly beýanat berdi. 

Halkara arenada käbir üýtgeşmeleriň başdan geçirilendigini we ABŞ-nyň täze hökümetiniň ýadro ylalaşygyna gaýdyp gelmäge meýilli bolandygyny aýdan Ruhani: "ABŞ-nyň sanksiýalarynyň doly ýagdaýda aýrylmagy bilen Eýranyň dünýä bilen ykdysady hyzmatdaşlygynda täze bir gurşaw emele geler. Dostlukly ýurtlaryň bu pursatdan peýdalanmak üçin tagalla etmekleri has gowy bolar" diýip mälim etdi. 

Serbiýanyň Daşary işler ministri Nikola Selakowiç hem Eýran bilen dostlukly gatnaşyklarda tutanýerlidiklerini belläp: "Ýadro ylalaşygyny we Eýranyň parahatçylykly ýadro meýilnamalaryny hemişe goldadyk we häzirki wagtda hem goldaýarys. Bu ylalaşyk bilen bagly meseläniň iň gysga wagtda çözülejkdigine ynanýarys" diýip beýan etdi. 

Serbiýanyň Daşary işler ministri Nikola Selakowiç, Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiçiň Tährana sapar guramak isleýändigini we amatly şertler dörän ýagdaýynda ony amala aşyrjakdygyna ynanýandygyny habar berdi. 



Degişli Habarlar