Russiýa ABŞ-a duýduryş berdi

Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow, ABŞ-na Russiýadan we Krymdan uzak durmagy babatynda duýduryş berdi

1620279
Russiýa ABŞ-a duýduryş berdi

Ukraina-Russiýa serhedinde dartgynlygyň artan şu günki günlerde ABŞ-nyň Gara deňizde özüne degişli 2 harby gämini ýerleşdirmegine garaşylýar. 

Sergeý Rýabkow ady agzalan ädimi öjükdiriji hökmünde häsýetlendirip: "Amerikan gämileriniň kenarymyza ýakyn bir ýerde etjek işleri ýok. Güýjümizi synagdan geçirýärler, nerwlerimizi oýnaýarlar. Hötdesinden gelip bilmezler" diýip habar berdi.

Hadysa ýüze çykmak howpunyň örän ýokarydygyny aýdan Rýabkow, ABŞ-na Russiýadan we Krymdan uzak durmagy babatynda duýduryş berdi. 

Rus resmi, Moskwanyň Donbassyň ýaşaýjylaryny goraýandygyny we goramaga dowam etjekdigini beýan etdi. 



Degişli Habarlar