Russiýa 15 Harby Gämisini Gara Deňize Ugratdy
Russiýa 15 harby gämisini rus harby güýçleriniň gözegçilik işleriniň çäginde Gara deňize ugratdy
Russiýanyn Günorta harby zolagynyň metbugat gullugyndan berilen beýannama görä Hazar deňizindäki flota degişli 15 harby gämi Gara deňize ugradyldy.
Onuň rus harby güýçleriň gözegçilik işlerine laýyklykda amala aşandygy beýan edildi.
Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu 6-njy aprelde rus harby güýçleriniň söweşe taýarlyk şertleri boýunça gözegçilik işlerine başlandyklaryny we ýurduň dürli sebitlerinde poligonlarda taktiki türgenleşikleriň geçiriljekdigini habar beripdi.
Şol tälim maksatnamasyna laýyklykda aprel aýynda 4,048 harby türgenleşigiň geçiriljekdigi beýan edilipdi.
Degişli Habarlar
Hindistanda Myhmanhanada Bolan Ýangynda 6 Adam Ýogaldy
Ýangynda 6 adamyň ýogalandygy, 20 adamyň halas edilendigi bellenildi.
Eýranda Guralan Hüjümde 2 Adam Öldürildi
Terror guramasyna degişli ulag, ýaragly uçarmansyz howa ulagy tarapyndan nyşana alyndy.