Mýanma döwleti dartgynly bolmagynda galýar

Köçelerdäki dartgynygyň dowam edýän Mýanma döwletinde howpsuzlyk güýçleriniň demonstrantlara garşy guran hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 701 adama ýetdi

1618847
Mýanma döwleti dartgynly bolmagynda galýar

Syýasy tussaglylar ýardam guramasy tarapyndan çap edilen gündelik habarnamada, howpsuzlyk güýçleriniň asuda ilata garşy aşa güýç ulanylan sebitlerde täze adam pidalarynyň bardygy mälim edildi. 

Habarnamada ýogalan adamlaryň sanynyň 701-e, göz tussaglygyna alynan adamlaryň sanynyň bolsa 3 müň 12-ä ýetendigi habar berildi. 

Harby agdarlyşyga garşy bolan 656 adamyň göz tussaglygyna alynmagy barada karar kabul edildi. 

Düýn ýurdyň Bago şäherinde Mýanmanyň goşunynyň protestçilere garşy od açmagy netijesinde 82 adam ýogalypdy. 

Mýanmanyň goşuny 2020-nji ýylyň 8-nji noýabrynda geçirilen saýlawlarda galplyk edilendigi baradaky habarlaryň orta atylmagyndan we ýurtda syýasy dartgynlygyň artmagyndan soň 1-nji fewralda ýurdyň häkimiýetini öz eline geçiripdi. 

Goşun, ýurdyň lideri we Daşary işler ministri Aun San Su Çi başda bolmak bilen ençeme resmini we hökümediň başyndaky ýolbaşçylary göz tussaglygyna alypdy we 1 ýyl möhlet bilen adatdan daşary ýagdaý yglan edipdi. 

Ýurtda giň gerimli demonstrasiýalar dowam edýän günlerinde hökümediň ýokary derejeli resmileriniň harby kazyýetdäki kazyýet diňlenşikleri dowam edýär. 


Etiketkalar: #protest , #Mýanma

Degişli Habarlar