Kreml: "Ukraina serhedindäki hereketlilik hiç kime howp abandyrmaýar" diýdi

Moskwa Ukraina serhedindäki Russiýanyň harby hereketliliginiň hiç kime howp abandyrmaýandygyny beýan etdi

1615175
Kreml: "Ukraina serhedindäki hereketlilik hiç kime howp abandyrmaýar" diýdi

Russiýanyň hökümetiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow, Russiýanyň ýurdyň içinde isleýşi ýaly esgerlerini hereket etdirýändigini belledi. 

Peskow Russiýanyň hemişe öz howpsuzlygyna gözegçilik edýändigini nygtap, Ukraina serhediniň golaýyndaky hereketliligiň hem ne Ukraina ne-de başga bir ýurda howp abandyrýandygyny beýan etdi. 

Ukrainanyň Baş ştabynyň başlygy Ruslam Homçak, 30-njy martda mejlisde eden çykyşynda, Russiýanyň Ýaragly güýçleriniň harby türgenleşik bahanasy bilen Ukraina serhediniň golaýyndaky birikmelere goşmaça harby güýç gönükdirendigini mälim etdi. 

Dmitriý Peskow, ozal hem Russiýanyň öz topraklarynyň çäginde Ýaragly güýçlerini özlerine laýyklykda hereket etdirýändigini we onuň hiç kime howp abandyrmaýandygyny habar beripdi. 

Donbass sebitindäki krizisiň çözüwi bilen baglanşykly Russiýa, Ukraina we ÝHHG-dan ybarat Üçtaraplaýyn topar 2020-nji ýylyň 27-nji iýulynda hemmetaraplaýyn od açmazlyk baradaky ylalaşygyň güýje girmegi barada karara gelipdiler. 

Donbass sebitinde garaşsyzlygyny yglan eden Russiýanyň tarapdary bolan aýralykçy toparlar bilen Kiýewiň arasynda 2014-nji ýyldan bäri dowam edýän ýaragly çaknyşyklarda 13 müňden gowrak adam ýogaldy.

 


Etiketkalar: #serhet , #Russiýa , #Ukraina , #Donbass

Degişli Habarlar